Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Russiýanyň Ukraina garşy urşuny soňlamak boýunça “ylalaşyk gazanylmady”


ABŞ prezidenti Donald Tramp (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin
ABŞ prezidenti Donald Tramp (sagda) we rus prezidenti Wladimir Putin
  • Rus prezidenti Wladimir Putin we ABŞ prezidenti Tramp Alýaskadaky amerikan harby howa bazasynda 2 sagat 45 minut dowam eden duşuşygyň yz ýany, gysga metbugat ýygnagyny geçirdiler, ýöne habarçylaryň soraglaryna jogap bermediler
  • Tramp Russiýanyň Ukraina urşuny soňlamak boýunça öz toparynyň “uly öňe gidişlik” gazanandygyny, ýöne heniz ylalaşyga barylmandygyny aýtdy, jikme-jiklik berilmedi
  • Putin Russiýanyň urşuň “asyl sebäpleri” babatyndaky tutanýerliligine hormat goýulmagy barada gürledi – bu, Ukrainanyň harby kuwwatyny we NATO ýaranlygyna goşulmak ygrarlylygyny çäklendirmek barada Kremliň ulanýan sözi bolup durýar


ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň arasynda köp garaşylan sammit Ukrainada ot açmagy bes etmek ylalaşygyny gazanmazdan tamam boldy, metbugat ýygnagynda olaryň ikisi-de žurnalistleriň soraglaryna jogap bermedi.

Trmap Putin bilen üç sagat çemesi dowam eden gepleşiklerden soňra, metbugatyň öňünde gysga çykyş edip, öz toparynyň “uly öňe gidişlik” gazanandygyny, ýöne Kremliň Ukraina urşuny soňlamak boýunça ylalaşyga barylmandgyny aýtdy.

Alýaska ştatynyň Ankoridž şäherinde ýerleşýän we duşuşygyň geçirilen ýeri bolan Elmendorf bilelikdäki harby bazasynda eden çykylarynda Putin-de, Tramp-da nämeler babatda ylalaşylandygy, ýa-da haýsy meseleler babatda päsgelçilikleriň bolandygy babatda tas hiç hili jikme-jiklik bermedi.

Käbir adamlar tarapyndan Ukrainany goşman Putin bilen duşuşmakda tankyt edilýän Tramp özüniň netijeler boýunça ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä, NATO we ýewropa ýaranlaryna brifing bermek üçin jaň etjekdigini aýtdy.

“Ylalaşyk gazanylýança ylalaşyk ýok” diýip, Tramp aýtdy.

“Men birnäçe telefon jaňlaryny geçirip, olara nämeleriň bolandygyny barada aýdyp başlaryn, ýöne biz örän önjeýli ýygnak geçirdik, we bir topar meselede ylalaşyldy” diýip, ol belledi.

“Diňe käbir [meseleler] galdy. Olaryň käbirleri gaty bir möhüm däl. Megerem, olaryň birisi iň möhümi, ýöne biziň ony gazanmak üçin gaty gowy mümkinçiliklerimiz bar”

Tramp, eger Moskwa agressiýany bes etmese, Russiýa gary sanksiýa girizmek bilen hem-de onuň söwda hyzmatdaşlaryna paç girizmek bilen gaýta-gaýta haýbat atyp gelýär. Ýöne ol, Moskwa garşy giriziljek ykdysady temmileriň özüniň diplomatiýa tagallalaryna päsgel berer diýip, Kiýew bilen Brýusseli ynjalyksyzlandyryp, bu çäreleri yza süýşürip gelýär. Tramp öz beýanatynda sanksiýalar barada gürrüň etmedi.

Tramp sammitiň yz ýany, Fox News telekanalyna beren teswirlerinde hiç hili ylalaşygyň gazanylmandygyny ýene bir gezek gaýtalady, ýöne “bir topar meseläniň ylalaşylandygyny”, “bir ýa-da iki wajyp meseläniň” ylalaşylandygyny ileri sürdi, ýöne jikme-jiklik bermedi.

Tramp “indi bu işi bitirmegiň, hakykatdan-da, prezident Zelenskä galandygyny” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. “Men ýewropaly döwletler hem biraz goşulmaly diýerdim. Ýöne bu prezident Zelenskä galdy”

Putin, jikme-jiklik bermezden, uruş boýunça Tramp bilen “düşünişmeklik” barada gürrüň etdi we Ukraina we onuň ýewroplay ýaranlary bu planlara “zyýan bermezler” diýip, umyt edýändigini aýtdy.

Ol çaknyşygyň “düýp sebäpleri” atlandyran ýagdaýlaryny aradan aýyrmak üçin Russiýanyň tutanýerliligi dowam etdirjekdigini aýtdy. Kreml bu sözleri Ukrainanyň NATO ýaranlygyna agza bolmak umytlaryny puç etmek we iş ýüzünde Ukrainany ýaragsyzlandyrmak barada gürrüň edende ulanýar. Kiýew bu şertleri ret edip gelýär.

Ýöne ol Ukrainanyň howpsuzlygynyň hem kepillendirilmelidigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Putin köplenç Ukrainanyň barlyk hukugyny sorag astyna alyp gelýär.

Wagt tapawudy sebäpli, Kiýew ýa-da Ýewropa Bileleşigi resmilerinden bada-bat teswir bolmady. Olar, Ukrainanyň howpsuzlygyny we özygtyýarlylygyny howp astyna salyp biljek täzeliklerden ägä bolup, bu duşuşyga uzakdan galagoply syn etdiler.

Hadson institutynyň uly analitigi Luk Kofi (Luke Coffey) Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bu sammitiň ýeňijisiniň Putin bolandygyny we bu sammit bilen Russiýanyň mundan beýläk sanksiýalara we paçlara sezewar bolmajakdygynyň tas doly diýen ýaly kepillendirilendigini aýtdy.

“Ol urşy dowam etdirmek üçin has köp wagt satyn aldy we indi onuň köp garaşan halkara legitimligi bar – hiç bolmanda Birleşen Ştatlaryň prezidentinden. Ol bu zatlara öwezine hiç zat bermezden eýe boldy”

San Diego döwlet uniwersitetiniň professory Mihail Alekseýew öňe gidişligiň bolmazlygynyň Putiniň öz maksimalist talaplaryndan el çekmändigini görkezýändigini aýtdy.

“Bu maňa diňe bir Russiýanyň öz umumy pozisiýasyny ýene bir gezek gaýtalandygyny aňladýar. Ol öz pozisiýasyny üýtgetmedi” diýip, ol Azat Ýewropa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu makala AÝ/AR-yň Waşington habarçysy Todd Prins goşant goşdy

Forum

XS
SM
MD
LG